16-njy aprelda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk
guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere
gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Duşuşykda
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky uzakmöhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň birnäçesi boýunça
pikir alşyldy.
Ýewraziýa
giňişliginde täze halkara ulag ýollaryny döretmek meselesine aýratyn üns
berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak häsiýeti bilen
şertlendirilendir.
Milli
Liderimiz we myhman ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym we bilim ugry boýunça
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurduň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygy hem-de
abadançylygy onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň üstünliginiň girewi bolup
durýar. Konstitusiýanyň we degişli Kanunyň esasynda Adalatçynyň — adam
hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň döredilendigi bellenildi.
Ýokary
wezipeli myhman netijeli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan ýurdumyzyň garaýyşlaryna,
dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berip, ÝHHG-niň
Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga bil baglaýandygyny
aýtdy.
Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd gatnaşdy.