Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Naruhitony Ýaponiýanyň
Imperatory hökmünde tagta geçmegi mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Milli
Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy,
söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça
yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini
bellemegiň guwandyryjydygyny nygtady.
Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerini bellemek bilen,
halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatoryna berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.