Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň däp bolan giň gerimli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk köptaraplaýyn esasda hem okgunly ösdürilýär. Abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.