milli goshun logo
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
6 sagat öň 17 Habarlar

Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň 17 agzadan ybarat wekiliýetiniň okuw-tejribe maksatly häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistana sapary hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeli mysaly hökmünde görkezildi. Bu on günlük saparyň dowamynda özbek talyplary we mugallymlary Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda tejribe geçerler.

Şeýle-de şu ýylyň iýul aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana okuw-tejribe saparyna iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Taraplar bu özara saparlaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirler.

Duşuşykda iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem agzaldy.

Öz gezeginde, özbek tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky dolandyryş tejribesine, sanly menejment ulgamlaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi – «Uniwersitetleriň ýarmarkasyny» guramaklyk teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy.