Türkmen-rus
bilelikdäki uniwersitetini döretmek baradaky hökümetara ylalaşyk ýakyn wagtda
taýýar bolar. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle-de TDIM-iň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde eden
çykyşynda mälim etdi.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň aýratyn ornuny belläp, bilelikdäki uniwersitetiň döredilmeginiň bu ugurda täze ädim boljakdygyny belläp geçdi.