Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň
dördünji gününiň medeni çäreleri gadymy Änew galasynyň ýerleşýän ýerinde
geçirilen «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň häzirki
zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty bilen badalga
aldy.
Soňra Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara
Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan
gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly
döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady
bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde
Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň goşgulary labyzly okaldy, olaryň
eserlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa aýratyn
hormat-sarpanyň, ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi.
Soňra hepdeligiň nobatdaky gününiň çäreleri Ak bugdaý etrabynyň Gämi
obasyndaky medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde maşgala aýdym-saz toparlarynyň
işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi.
Änew şäherindäki medeniýet öýüniň sahnasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň guran giň gerimli konserti döredijilik forumynyň dördünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.