18-nji
oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary
işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-23-nji oktýabrda
Ýaponiýa meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy
strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany
sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet
berilýär. Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji
aprelinde ýola goýuldy.
Türkmen-ýapon
gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy,
2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary
döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.
2015-nji ýylyň
oktýabrynda biziň ýurdumyza Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen
geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň
netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.
Hasabat
berlişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet
wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip
taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz
öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny
bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm waka öwrüljek
saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.