Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam
Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik
Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk,
Wýetnamyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.