milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
18.12.2018 600 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwy tutulýar we maýsalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle hem sürüm işleri we ýaz ekişine ýerleri, tehnikany taýýarlamak çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen degişli işler alnyp barylýar. Olar täze ýyldan başlap gowaça, bugdaý, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işlerine girişerler. Şu maksat bilen olara sebitlerde döredilen ýörite ýer gaznalaryndan ýer bölünip berildi.

Soňra göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çagyryldy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Sergä Türkiýäniň wekilçilikli düzümleriniň uly topary, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň we şereketleriniň 70-e golaýynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Sergide senagat pudaklary, oba hojalygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy hem-de elektronika enjamlary, mebeller, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeler, parfýumeriýa we azyk senagatynyň önümleri hem-de beýleki harytlar görkezildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyza Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ugrunyň umumy çyzgysy we onuň tehniki aýratynlyklary barada şekiller arkaly hasabat berdi. Bu ýoluň ugrunda tölegli terminallary, myhmanhanalary, awtoduralgalary we beýleki inžener-kommunikasiýa degişli desgalary bolan dynç alyş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Taslama laýyklykda, umumy uzynlygy 600 kilometre, ini bolsa 34 metre barabar bolan bu ýol ýokary halkara ölçegler esasynda abadanlaşdyrylar. Onuň ugrunda tehniki hyzmat bölümleri, ýol hyzmat gulluklary göz öňünde tutuldy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol dürli pudaklarda we ulgamlarda statistiki seljerme işleriniň geçirilişi, şeýle hem milli statistika gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2022-nji ýylda ählumumy ilat ýazuwyny we Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gaznasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu çäre BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi tarapyndan kabul edilen “2020-nji ýylda Ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralar.

Awtomobil ulaglary ministri O.Suhanow Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şol ýerde “Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga” laýyklykda, türkmen wekiliýeti “Lapis Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesiniň işe girizilmegi we bu ugur boýunça ilkinji owgan harytlarynyň ýük kerwenini ugratmak dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Owganystan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň diňe bir türkmen-owgan däl, eýsem, sebit gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň deňhukukly hyzmatdaş hökmünde sebitleýin we halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine doly derejede gatnaşmagynyň zerurdygyny belläp, ministre şeýle taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabr aýynyň aýlyk haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny möhletinden öň tölemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ministr ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi.