Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we
edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de
ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň
barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz ilki bilen wideoşekilli aragatnaşyga
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi
çagyrdy. Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi.
Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen
bölegini gurmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Owganystanyň we
Pakistanyň çäklerinde turbageçirijini çekmäge taýýarlyk görülýär. Degişli
geologiýa-tehniki, ýerleri öwrenmek işleri ýerine ýetirilýär, desganyň daşky
gurşawa täsiri kesgitlenilýär. Bu döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem turba
önümlerini getirmek, Owganystanda we Pakistanda gaz geçirijini gurmak üçin
bäsleşikleri geçirmäge taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri
boýunça geňeşçisi TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden
geçýän bölegini gurmagyň taslamasyny ätiýaçlandyrmagyň strategiýasyny
taýýarlamak we maslahat bermek boýunça hyzmatlary etmek, şeýle hem
ätiýaçlandyryş maksatnamasyny işläp taýýarlamak, dünýäniň iri ätiýaçlandyryş
guramalary bilen gepleşikleri geçirmek, şertnamalary baglaşmak boýunça “TAPI
Pipeline Company Limited” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan yglan edilen halkara
bäsleşiginiň netijeleri barada habar berdi.
Bäsleşigi geçirýän topara tehniki-täjirçilik teklipleri,
hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Willis Towers Watson” kompaniýasyndan amatly
teklip gelip gowuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz
geçirijisini gurmak boýunça işleriň barşyny makullap, onuň taslamasy boýunça
halkara guramalary, maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen
gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, uglewodorod
serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy
ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de
dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Köpugurly gaz geçiriji düzümi döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä
bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu ugurda
geçirilýän işleriň möhüm ugrudyr.
Ýurdumyzyň känlerinden gözbaş alýan energetika ulgamlary
dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşynyň möhüm halkalary bolup
durýar. Milli Liderimiz tutuş dünýäniň giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň
halkara başlangyçlarynyň şol ulgamy döretmäge gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen
“mawy ýangyjyny” uzakmöhletleýin ugratjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny
hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi
ýaly, täze halkara energiýa köprüsiniň Owganystany asuda ýagdaýda dikeltmek,
onuň durmuş-ykdysady düzümini galdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm
meseleleri çözmek babatda uly ähmiýeti bar. Bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş
derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz
geçirijisi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly
ösmegine hyzmat eder.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew çagyryldy. Wise-premýer ulag-üstaşyr geçelgesini
ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy
(Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany Türkmenistanyň
ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollaryna birikdirmek
hakynda milli Liderimiziň başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Hyratdan awtoulag ýük kerweniniň
(Owganystan) Turgundy menziline gelýändigi, şol ýerden demir ýol wagonlaryna
ýüklenip, ýurdumyzyň çäklerinden geçjekdigi hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugradyljakdygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy
hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip
belledi. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de
birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň
birleşdirýändigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň
ýokary derejesini belläp, ýurtlarymyzyň arasynda söwda we ykdysady, energetika,
ulag, ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny, şonuň bilen
birlikde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin
mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Türkmenistanda demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw
ulaglary üçin amatly we howpsuz halkara ýollary döredilýär, munuň özi sebitde
durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt
dolanyşygynyň artmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan
edilen 2018-nji ýylyň fewralynda Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesine girýän
Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Türkmen-owgan ýolunyň
gurluşygyny doly öz üstüne alan ýurdumyz doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek
we goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Demir ýoluň
döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, Turgundy demir ýol menziliniň geçirijilik
ukyby ýokarlanyp, Owganystanyň haryt dolanyşygynda ähmiýeti artdy, gysga we
amatly ýol bilen owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de import
harytlaryny ýurdumyza getirmek mümkinçiligi artdy.
Milli Liderimiz giň gerimli gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin
türkmen-owgan hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirip,
Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky
Ylalaşyga” laýyklykda ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek
dabara gatnaşmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şu maksat bilen,
Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrini Owganystan Yslam Respublikasynyň
Hyrat şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky degişli Buýruga gol çekip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň guramaçylykly
geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, obasenagat toplumynda
ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hakynda hasabat berdi.
Agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaý üçin bölünip
berlen ýerlerde ilkinji ösüş suwy tutulyp, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Şeýle hem tehnikalary ýaz ekişine
taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda bolsa, pagtany gaýtadan işlemek
dowam edýär.
Hususy oba hojalyk önüm öndürijileri bilen degişli işler
geçirilýär, olar täze ýyldan başlap gowaçany, dänelik ekinleri, gök we bakja
önümlerini ösdürip ýetişdirmäge girişerler. Bu maksatlar üçin olara sebitlerde
döredilen ýörite ýer gaznalaryndan uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýerler
bölünip berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekki hasylyň
esasyny tutýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda
geçirilmegine uly üns bermegi tabşyryp, şolaryň ylmy taýdan esaslandyrylan
agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň tohumçylygyny
has-da kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,
oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak obasenagat toplumynyň
esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ekerançylygyň medeniýetini
ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan
esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, seçgiçilik işlerini
degişli derejede guramagyň hasabyna gazanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu barada gürrüňi dowam edip, ýerli
toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň
ýokary hasylly görnüşlerini kesgitlemäge, bu ugurda öňdebaryjy halkara ylmy
merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini
belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ýokary
gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowy çagyrdy. Ol ministrlikleriň we pudak
edaralarynyň işini barlamagyň tassyklanan maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän
işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty
diňläp,
bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda
alnyp barylýan islendik durmuş ýa-da ykdysady işe kanunçylyk nukdaýnazaryndan,
yzygiderli we toplumlaýyn gözegçilik edilmelidir. Barlag geçirilýän
ministrlikleriň ýa-da pudak edaralarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek
üçin, onuň maksada laýyk hem-de netijeli bolmagy gazanylmalydyr. Munuň üçin iň
gowy dünýä tejribesi özleşdirmelidir.
Hut şoňa görä-de, geçirilýän işiň netijeli bolmagy möhümdir.
Kemçilikler ýüze çykarylan ýagdaýynda barlaglaryň netijesi boýunça degişli
düzümleriň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, olary barlagyň netijeleri bilen
tanyşdyrmalydyr hem-de kemçilikleri düzetmegiň ýollaryny bilelikde
maslahatlaşylmalydyr. Umuman, şol ýolbaşçylara iş ýüzünde ýardam bermek arkaly
işiň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemäge kömek edilmelidir.
Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bar bolan oňyn
tejribäni umumylaşdyryp, öňdebaryjy tejribäniň ýaýradylmagyna hem-de dolandyryş
işini we ulgamyny kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy usullaryň mümkinçiliklerinden
ýerlikli peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz iş usulyny
kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna
bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
wideoşekilli iş maslahatyna aragatnaşyk ministri B.Öwezowy çagyrdy. Ministr
ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de
ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli emeli hemramyzyň älem giňişligine
çykarylmagy bilen ägirt uly mümkinçilikleriň dörändigine ünsi çekip, bu ugurda
işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň häzirki zaman
görnüşleriniň depginli ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiz üçin hem, ilatymyz
üçin hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ulgamyň mümkinçiliklerini
geljekde has-da giňeltmek hem-de işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini çözmegiň
wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu işleriň öňdebaryjy tehnologiýalary,
ygtybarly we ýokary netijeli enjamlary giňden ulanmak esasynda amala
aşyrylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata
edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini we görnüşlerini giňeltmegiň, emeli
hemramyzy doly güýjünde ulanmagyň, Internet, telefon hem-de ykjam aragatnaşyk
hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini ösdürmegiň döwrüň möhüm
talabydygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, sanly
ykdysadyýetiň binýatlaýyn düzümlerini — Internetiň üpjünçilik ulgamlaryny
ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi, döwletimiziň ykdysadyýetini mundan
beýläk-de sanly ulgama geçirmegiň köp pudaklary ösdürmek üçin esasy şert bolup
durýandygyny nazara alyp, ilaty, telekeçiligi we döwleti sanly ykdysadyýete
çekmegiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleleri hemişe üns
merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, bu barada ministre birnäçe degişli
görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň başlygy B.Çaryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan,
işleriň ýagdaýy hem-de daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň
ýerlenilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, birža söwdalaryny gowulandyrmak üçin harytlar bazaryny mundan beýläk-de
ösdürmegiň, daşary söwda amallaryny höweslendirip, öz harytlarymyzyň eksport
edilýän möçberlerini artdyrmagyň, daşary ýurt firmalaryny we bilelikdäki
kärhanalary çekmek bilen, işewür gatnaşyklary giňeltmegiň, ýurdumyzyň bazarynda
sagdyn bäsdeşligi kemala getirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gyzyklanma
bildirýän ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde kärhanalarda bar
bolan, ulanylman duran haryt-maddy gymmatlyklary we galyndylary birža
dolanyşygyna çekmek üçin olary ýüze çykarmak boýunça işleri geçirmegiň maksada
laýyk boljakdygyny nygtady.
Milli Liderimiz daşarky bazarlarda ýurdumyzyň önümleriniň
eýeleýän ornuny berkitmek üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, şu
babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ähmiýetini
nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öndürilen
ýokary hilli harytlary yzygiderli mahabatlandyrmak, olary dünýä bazarlarynda
işjeň ilerletmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
başlygy N.Garlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. N.Garlyýew ýurdumyzyň
teleradiogepleşikler ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Milli Liderimiz teleradiogepleşikleriň maglumat bermekden
başga-da, döwletde örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýändigini, bu ulgam medeni
aň-bilim we beýleki maksatlar bilen birlikde, ilata belli bir derejede täsir
etmek işine gönüden-göni gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam edip, bu ulgam arkaly belli bir durmuş ýörelgeleriniň wagyz
edilýändigini, ol ýa-da beýleki syýasy, ahlak we durmuş garaýyşlarynyň
ornaşdyrylýandygyny, ruhy gymmatlyklar we dünýäniň gurluşy baradaky
garaýyşlaryň ýaýradylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular
barada aýtmak bilen, bu edaranyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işinden
nägiledigini, teleradiogepleşikler ulgamynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri doly
ýerine ýetirip bilmeýändigini nygtady. Bu ulgamda soňky ýyllarda döredilen
maddy-enjamlaýyn binýat doly möçberde ulanylmaýar. Biziň ruhy gymmatlyklarymyz,
halkymyzyň taryhy telewideniýede we radioda giňden beýan edilmeýär. Milli
Liderimiz örän möhüm strategiki maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň çäklerinde
geçirilen ägirt uly işleriň mazmunyny we ähmiýetini anyk maglumatlar arkaly
açyk görkezmek üçin ýeterlik mysallar bar hem bolsa, olaryň doly beýan
edilmeýändigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz kabul edilen şol maksatnamalarymyzyň
ýurdumyzyň özbaşdaklygynyň esaslaryny berkitmäge, hususan-da, galla bilen
üpjünçiligi, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa garaşsyzlygyna
niýetlenendigini, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebap ýagdaýa
getirmäge, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, has
döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilendigini belledi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlarda
bilim ulgamy bilen bagly gepleşikleriň ýokdugyny belledi. Okuw işiniň
geçirilişinden alyp görkezmek ol ýa-da beýleki ugurdan bilim alýan talyplara
kömek ederdi. Milli Liderimiz ýurdumyz bilen sebitiň we dünýäniň dürli
döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary beýan etmek we wagyz etmek
işleriniň hem dowam etdirilmeginiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp,
halk köpçüligine giňden görkezmelidigini möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlardan ugur alyp,
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi
çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl
baýramyna bagyşlap, telewideniýede we radioda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan
gyzykly gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga
birwagtyň özünde Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk
we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň
başlygy B.Atdaýewi hem-de içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.
Biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine
ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öňýanynda günäsini
geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden
ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip
durýarys diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Baş prokuror,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri
boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi. Ol
degişli çözgüdiň taslamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen
raýatlarymyzyň 796-synyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek
baradaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler
ministri I.Mulikowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, olaryň
ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine
ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup,
ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri döredýäris diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz welaýatlaryň we etraplaryň, şäherleriň
häkimlerine, beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen
üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara
bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz
goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal
zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine işlerinde we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.