Düýn hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda
ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji
ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.
Milli
Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideokonferensiýa welaýatlaryň
häkimlerini bir wagtda çagyryp, olaryň ünsüni öňde duran işleriň ileri tutulýan
ugurlaryna çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýakyn geljek üçin her bir welaýaty durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, şolarda
döwrebap önümçilik we durmuş düzümini kemala getirmek, oba hojalyk pudagyny
kämilleşdirmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Degişli
resminamalar her welaýatyň önümçilik, çig mal, toprak-howa we beýleki
aýratynlyklaryny nazara alýan ylmy-barlaglaryň esasynda taýýarlanylmalydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli
Liderimiz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar
üçin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça welaýat häkimlikleriniň öňünde
durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
olary üstünlikli çözmek, ýerlerde takyk we utgaşykly işlemegi üpjün etmek
boýunça welaýatlaryň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara «Türkmenistan — rowaçlygyň
Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban
halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işde uly
üstünlikleri arzuw etdi.