milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
15 sagat öň 21 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka we Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wengriýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.