20-nji maýda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary
söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti
Ýanoş Aderiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkymyza eden hoşniýetli
arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen-wenger
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir
alyşmalaryň dowamynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin
ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamy, ulag,
energetika toplumy, senagat hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda
görkezildi.
Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy baýlaşdyrýan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary
ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sport we syýahatçylyk
ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy
bellenildi.
Duşuşyga Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo gatnaşdy.