milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
18.05.2019 808 Habarlar

Mähriban halkym! 

Eziz watandaşlar!

Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyzy beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýarys. Oňyn bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik taglymatlarymyzyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesi bolan Konstitusiýamyz esasynda hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys.

Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň, Baýdak meýdançasynyň, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi watansöýüjiligimizi, dostlugymyzy, jebisligimizi, üstünliklerimizi we rowaçlyklarymyzy dabaralandyrýar hem-de milli gymmatlyklarymyza sarpamyzyň ebedidigine doly şaýatlyk edýär.

Eziz halkym!

Mundan ýigrimi ýedi ýyl öň, Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň çäginde jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz düýpli täzelenip, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanyp, täze konstitusion kadalar işlenip taýýarlanyldy hem-de 2016-njy ýylda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Biz Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Bularyň ählisi eziz Diýarymyzda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Biz halkara gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalary tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris. Parahatçylygy pugtalandyrmak, içerki ösüşleri we dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirýäris.

Mähriban halkym! 

Eziz watandaşlar!

Sizi Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW