milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlady
09.05.2019 1234 Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir. Şoňa görä-de, biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Ýeňiş baýramyny medeni-jemgyýetçilik çäreleri, watansöýüjiligi we gaýduwsyzlygy terbiýeleýän duşuşyklar, beýik işlere ruhlandyrýan aýdym-sazly dabaralar bilen garşy alýarys. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, rowaçlyk ýollaryny gurýan Garaşsyz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde edermenligi häzirki we geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlap, Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýarys. Bu çäreleriň jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna, beýik işlere galkyndyrmakda, ýaş nesillerimizi milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

Elbetde, bu Ýeňiş aňsatlyk bilen gazanylmady, uruş ýüzlerçe şäherleri haraba öwürdi, açlyk getirdi, millionlarça ynsanlaryň ömür tanapyny üzdi.

Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz hem-de gazaply urşuň ajy hasratlary dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalary goýdy. Ýowuz urşuň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda biziň watandaşlarymyz hem Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Olaryň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrüldi.

Gowgaly uruş ýyllarynda tylda galan Türkmenistanyň ilaty beýik durmuşa, Watana çäksiz söýgi, ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol galla we pagta ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Watana, il-güne, ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer zenanlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Uruş döwründe gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty, arzuwdyr umytlary bilen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly dokaldy.

Biziň beýik pederlerimiz parahatçylygy gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazandylar. Biz merdana watandaşlarymyzyň söweş edermenligi we ak ýürekden çeken zähmeti bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys. Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýäris.

Eziz watandaşlar!

«Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda biz merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy, Garaşsyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, parahatçylygy söýüji Bitarap döwlet hökmünde dünýäde abraýynyň has-da artmagy üçin ähli zerur işleri geçirýäris. Durmuş syýasaty biziň esasy ugrumyz bolup, baş wezipämiz her bir adamyň parahat, eşretli hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz — paýhasly ýaşulularymyz, eziz enelerimiz üçin ähli zerur şertleri döretmek biziň esasy wezipämizdir. Biz eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris.

Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär. Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Mähriban halkym! 

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW