10-njy
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «VINCI» kompaniýalar
toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul
etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hem-de myhman bilelikdäki iş boýunça bar bolan tejribeleriň we
işewür gatnaşyklary giňeltmegiň täze ugurlarynyň çäklerinde, ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen
baglylykda, jenap de Silgi hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan
taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli
Liderimiz kompaniýanyň alyp barýan işine we umuman, fransiýaly binagärlerden,
taslamaçylardan ybarat hünärmenleriň ukybyna ýokary baha berip, bu gezekki
duşuşygyň öň ýanynda hödürlenen çyzgylarda görkezilýän täze myhmanhananyň bezeg
aýratynlyklary barada birnäçe belliklerini we tabşyryklaryny mälim etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Nusaý» taryhy-medeni
döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşjek myhmanhananyň keşbinde binagärligiň
täzeçil çözgütleri we inženerçilik-tehniki pikirlenmeler, hususan-da, bu toplumyň
gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri, bezeg aýratynlyklary, gadymy Parfiýa
şalygynyň binagärlik sungaty öz beýanyny tapmalydyr.
«VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy bu bellikleriň göz öňünde tutuljakdygyna we taslamanyň şoňa laýyklykda täzeden işlenip taýýarlanyljakdygyna ynandyrdy.