Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä
Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda
«Ukrainanyň halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň
heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna
getirmegi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.