Ýurdumyzda
Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirilip, oňa köp sanly
dabaraly çäreler bagyşlandy. Behişdi ahalteke bedewi olaryň baş gahrymany
boldy.
28-nji aprelda
geçirilen baýramçylyk dabaralaryna ençeme ýurtlardan gelen myhmanlar
gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde
geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, «Türkmen
bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ylmy maslahata hem-de
ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka gatnaşyjylar bar.
Halkara
ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji
dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýere irden türkmenistanlylaryň müňlerçesi,
şeýle hem daşary ýurtly alymlar we atşynaslar, işewürler ýygnandylar. Köpetdag
şaýolunyň ugrunda topluma tarap barýan ýolda baýramçylyk ruhunda bezelen ak
öýler oturdyldy, şeýle öýler ýoluň topluma eltýän böleginde has-da köp. Bu ýere
gelýänleri Türkmenistanyň Baýdagyny parladýan ýaşlar garşylady.
Atçylyk sport
toplumynyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriniň, muzeý
gymmatlyklarynyň, şeýle hem häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriň, çeper
suratlaryň, neşir önümleriniň we beýleki işleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy.
Olaryň hemmesini «Ahalteke bedewi — milli baýlygymyz we buýsanjymyz» diýen
mowzuk birleşdirdi.
Ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler, konsertler tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi.