Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty
kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça
okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan
peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Ömer Bolat ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde
parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Prezident Rejep Taýyp
Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli foruma
gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary täze derejä
çykarmaga ýardam berendigini aýtdy. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň
ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurdumyza
sapar bilen gelende hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän
öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň söwda ministrini
mähirli mübärekläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisiniň
üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli
geçirilýän bu sergi iki ýurduň özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan
beýläk-de ösmegine itergi berýän möhüm çäreleriň biridir. Hormatly
Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk
döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin,
strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege
goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň Hökümet
wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikleri
döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli
ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de
ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini
belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary
söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň
ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Mälim
bolşy ýaly, geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilýän Türkiýe
Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine,
türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge,
maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe
Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren
goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk
tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny
tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat
ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna
ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.