Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp, kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda türk tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklanyldy, bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň oňyn, okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de iki doganlyk ýurdy netijeli, iki tarapyň bähbitlerine, şeýle hem sebit we ählumumy derejede abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we dürli ulgamlarda bar bolan uly kuwwaty durmuşa geçirmekde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) üstaşyr-ulag geçelgesini döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa amatly maýa goýum ýagdaýyna eýe bolan hem-de iri düzümleýin taslamalary we giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen geljekde hem özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berilýän goldaw üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm hem-de aýrylmaz ugry bolup durýar, munuň özi iki ýurduň halklaryny birleşdirýän, taryhy, medeni we ruhy umumylyk bilen şertlendirilendir. Bu ugurda bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy hem-de bilim we ylym, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin amatly mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça, ozaly bilen bolsa, ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatynda garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we myhman iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi baradaky pikiri beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu taraplaryň mäkäm dostluk gatnaşyklaryna hem-de hoşniýetli erk-islegine esaslanýan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem okgunly ösdürilip, täze many-mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju gatnaşdy.