5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi
kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler
hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda,
häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de
infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň,
bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba
almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.