Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo
Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo
Nagamatsuny kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip,
döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür
ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny
aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher
konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň
dowamynda ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň
ýagdaýy barada gepleşikleri geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp,
bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam
bildirdi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin
strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň
uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň
nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly
Prezidentimiz bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge
mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine
seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo
Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo
Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw etdi.