27-nji maýda Türkmenistanyň
Prezidentiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Daşoguz
welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1496 hojalyga niýetlenen
täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky kararyň taslamasy hödürlenildi.
Toplumyň çäklerinde mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, hyzmatlar öýi bina
ediler. Gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary G.Myradowy çagyryp, adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmäge degişli meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady hem-de täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyny halkymyza mahsus däp bolan toý görnüşinde geçirmek barada tabşyryklary berdi.