milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlaglaryny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlaglaryny iberdi
16 sagat öň 24 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara mähirli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bellenilişi ýaly: “Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agza döwletler SPECA-nyň iş gerimini giňeltmegi, ýagny onuň çägine elektron söwda, sanlylaşdyrma, «ýaşyl» ösüş, Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy hem-de Ýewraziýa sebitinde ulag baglanyşygy boýunça taslamalary girizmegi goldaýarlar. Türkmenistan SPECA-nyň 2025-nji ýyldaky başlygy hökmünde harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi”.

Bu ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.