Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa
sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi
ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna
ugrady.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän
ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly
döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň
«RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni
mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly
sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň
ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen
tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý
medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp
barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň,
maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly
ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we
tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli,
sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly
goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary
munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we
şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär.
Mejlisiň
netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana
Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak
hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan
Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň
netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we
Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy
pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna
ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň Sebitleýin
ekologiýa sammitiniň işine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine
gatnaşmagy Türkmenistanyň umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan anyk
döwletara taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.