milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
6 sagat öň 20 Habarlar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li köp san­ly gut­lag hat­la­ry we te­leg­ram­ma­lar ge­lip go­wuş­ýar. Gut­lag­lar­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da me­de­ni­ýet ul­ga­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy ös­dür­mek, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Gut­lag­la­ry we te­leg­ram­ma­la­ry ibe­ren­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy bu şan­ly baý­ram bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, berk jan sag­lyk, uzak ömür, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa gut­la­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry B.Ama­now, B.An­na­mäm­me­dow, N.Ata­gu­ly­ýew, T.Ata­hal­ly­ýew, H.Gel­di­my­ra­dow, R.Me­re­dow, B.Se­ýi­do­wa, B.Oraz­dur­dy­ýe­wa, şeý­le hem Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri gut­la­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­dent­le­ri O.Ata­ba­ýe­wa hem-de R.Ba­za­row mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny iber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy gut­la­dy­lar.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gut­la­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem gut­lag hat­la­ry­ny iber­di­ler.