Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine
girişmegi mynasybetli, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri işewür
toparlaryň wekillerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde uly
üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Italiýa
Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Latwiýa Respublikasynyň
Prezidenti Egils Lewits, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiç,
Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit, Malaýziýanyň
Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakob, «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň
ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, «Oxbow Carbon LLC» kompaniýasynyň
başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory William Koh iberdiler.