1-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy
däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük
sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine
saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan
mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ugratdylar.
Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak ýol arzuw edip, Muhammet
pygamberiň Watanynda etjek zyýaratynyň kabul bolmagyny dilediler.
Bu
ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolunyň
ak, işleriniň rowaç, hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny nazarlaýan
tutumlarynyň şowly, doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg etdi.