milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
25.05.2022 1760 Habarlar

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de «Niсklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.