27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.