20-nji aprelda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi.
Onda
ýurdumyzda ýaýbaňlandarylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk
çärelerine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Aşgabat
şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher
düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa
geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatlaryň häkimleri
şu günler sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça
ekişiniň depginini güýçlendirmek, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg
işlerini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdiler. Welaýatlarda
ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen
zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnama barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem häkimler «2020-nji ýyl — Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdiler.