25-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we
ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de
welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň
wezipeleri, obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem döwlet
durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.