22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
16.09.2020 33 Habarlar

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.