milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.02.2019 818 Habarlar

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynda welaýatlaryň häkimlerini göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkimler welaýatlarda geçirilýän işler, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, güýzlük bugdaý hem-de gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek boýunça işleriň barşy barada hasabat berdiler.

Şeýle hem durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny öz wagtynda gurmak we ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümine, umuman, möwsümleýin meýdan işlerine toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şol işler ylmy esasda agrotehniki kadalara we möhletlere laýyklykda geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmasyny, gök, bakja hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleri, şeýle hem kömekçi hojalygy ýöretmek üçin degişli gaznadan ýer böleklerini, şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýerleri bermek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, şunuň bilen baglylykda, ilat üçin degişli şertleri döretmek barada alada edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk ýowary barada durup geçmek bilen, däbe öwrülen bu çärä ykjam taýýarlyk görmegi, agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemegi hem-de şolara ideg etmek üçin şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.