milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.06.2020 713 Habarlar

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.