Düýn hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de
paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran
wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabatlary diňläp, welaýatlaryň oba hojalyk pudagynda işleriň
ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, welaýatlarda gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin
agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde,
milli Liderimiz welaýatlarda
gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmek, şeýle hem täze
gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy
taýýarlyk görmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty
goramak hem-de has oňaýly ekologiýa gurşawyny döretmek meselelerini sowatly
çözmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlenip, Aşgabadyň täze
desgalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň we edara binalarynyň, binagärlik
toplumlarynyň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda döwrebap,
amatly we owadan şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy talap bolup
durýandygyny aýtdy we bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly
geçiren iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan —
rowaçlygyň Watany» diýen ýylymyzda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge
gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.