19-njy martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk we
daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny
geçirdi.
Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ösdürmek hem-de eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.