05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
24.06.2020 72 Habarlar

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.