28-nji ýanwarda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, obasenagat
toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna
degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.
Welaýatlaryň häkimleri
häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy,
bugdaýa ýokary hilli ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaça, ýeralma we
beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk işleriniň netijesi barada, şeýle hem
welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.