25-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny
geçirdi.
Iş
maslahatynda özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň
depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Sanly
wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda welaýatlaryň
häkimleri alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň,
şol sanda gowaçanyň ýaz ekişine, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdiler.
Şeýle hem
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy, şolaryň öz wagtynda
ulanmaga berilmegini üpjün etmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli
meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalaryň
edilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk ýowary barada aýdyp, bu çärä gowy taýýarlyk görmegi we ekilen baglara degişli derejede ideg etmegi tabşyrdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere bu baýramçylygy ýokary derejede geçirmek, zenanlara sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak babatda anyk görkezmeleri berdi.