24-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün
tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly,
obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy
baradaky meseleler girizildi.
Häkimler welaýatlarda
işleriň ýagdaýy, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny hem-de awtoulag
serişdelerini doly derejede ulanmak arkaly bugdaý oragy möwsümini guramaçylykly
geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem «ak
altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gowaça
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek babatda toplumlaýyn çäreleriň
durmuşa geçirilişi barada habar berdiler.
Döwlet Baştutanymyz
häkimlere welaýatlaryň mekdeplerini täze okuw ýylyna degişli derejede
taýýarlamak, 1-nji synp okuwçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan her
ýyl sowgat hökmünde gowşurylýan kompýuterler bilen üpjün etmek meselelerine
berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze bilim we mekdebe
çenli edaralaryň gurluşyklarynyň depginini çaltlandyrmagyň hem-de öz wagtynda
ulanylmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.