10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de
welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp
barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki oba hojalyk işleriniň
ýerine ýetirilişine, galla oragynyň barşyna, hususan-da, gowaça ýokary hilli
idegiň üpjün edilmelidigine häkimleriň ünsini çekdi. Kärendeçiler bilen
hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň hem-de meýdanda zähmet çekýänler üçin
durmuş-medeni hyzmatlary guramagyň möhümdigini belläp, bu babada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini
mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meselelerini hemişe gözegçilikde
saklamalydygyny aýdyp, dürli desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygynyň depginine we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle
hem welaýatlaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni
mynasybetli çäreleriň guralmagyna degişli görkezmeler berildi.