28-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine
paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek,
baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly
wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.