17-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň,
welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň
we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm
meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi.
Häkimler maldarçylyk ulgamynda alnyp barylýan işler, pile öndürmek hem-de köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçiriljek çäreler barada habar berdiler. Şeýle hem şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýtdylar.