3-nji fewralda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy seljerilip, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meselelere, oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm ugurlaryna seredildi.