17-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda
welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp
barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk
meselesine degişli çözgütler kabul edildi.