11-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we
welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny
geçirdi.
Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleri dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.