Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň
häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada
hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragy guramaçylykly dowam
edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul
ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen içerki
bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkimler “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Şeýle hem iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer öz hasabatynda Daşoguz welaýatynyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýändigi barada belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk
pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin
toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň
talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý
hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan
möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli
tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.