7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda
sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky
işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda
dowam edýär. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
işletmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly
gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we ösüş suwy tutulýar. Mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde
talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň, öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny
belledi.