14-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak
boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de welaýatlarda geljek ýylda gowaça
ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerine
girişildi. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryndan we
gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş
geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş we ösüş suwy tutulýar
hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri
bolan oba hojalyk pudagynyň ähmiýeti barada belläp, şu günler ýurdumyzda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin
ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini aýtdy we bu meseleleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.